An official website of the United States government

Endrýu Berdy, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary
Kim tarapyndan
2 MINUT OKAMAK

Andrew Berdy, U.S. Deputy Chief of Mission to Turkmenistan

Endrýu Berdy, ABŞ-nyñ Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinde işleýär. Ol Daşary işler gullugynda zähmet çekýär, şeýle hem ol Halkara tälimçiler federasiýasynyñ (ICF) sertifikatyna eýe bolan liderlik ugry boýunça tälimçidir. Has öň ol Azerbaýjanyň Baku şäherinde ABŞ-nyñ ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary we iş dolandyryjysy bolup uzak wagtlap işledi. Diplomatik gulluga 2004-nji ýylda başlap, jenap Endrýu Berdy Sankt-Peterburgda, Tunisda, Aşgabatda, Frankfurtda, Ýekaterinburgda we Kişinewda işledi. Ol rus, nemes, grek we fransuz dillerini bilýär.

Nýu Jerside doglan Endrýu Berdy Indiana uniwersitetiniň slawýan dilleri we edebiýaty bölümini tamamlap bakalawr derejesine, Swýato-Wladimir seminariýasyny tamamlap ylahyýetiñ magistri derejesine, hem de Montereý halkara gözleg institutyny tamamlap halkara menejment ugry boýunça işewür dolandyryş magistri derejesine eýe boldy.  Jenap Endrýu Berdy Jorjtaun uniwersitetinden liderlik tälimçiligi ugry boýunça ýolbaşçylar şahadatnamasyna we Braun uniwersitetinden topar tälimçiligi ugry boýunça şahadatnama mynasyp boldy.